Turkmenportal logo
01.12.23
3126331263
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Maşatda geçirilen sergä gatnaşdy
Türkmenistan Maşatda geçirilen sergä gatnaşdySurat: mfa.gov.tm

Eýranyň Maşat şäherinde «Star Expo 2023» ady bilen iýmit we syýahatçylyk ugruna bagyşlanan dördünji sergi öz işine başlady.



28-nji noýabrda şäheriň «Ýyldyz» söwda merkeziniň binasynda işe başlan bu sergä Türkmenistanyň Maşat şäherindäki Baş konsullygy öz sergi stendi bilen gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.



Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň sergi stendinde türkmen halkynyň gadymy taryhyny, baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini şöhlelendirýän şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, saz gurallary we milli lybaslary görkezildi.


Şeýle-de, sergä gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi diýlip, habarda bellenilýär.