Turkmenportal logo
01.12.23
2982329823
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýa sapar bilen bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Dubaýa sapar bilen bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP 28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Dubaýa ugrady. Bu barada TDH habar berýär.


Dubaýdaky Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gondy, bu ýerde döwlet Baştutanyny Birleşen Arap Emirlikleriniň we ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.


Ozal habar berşimiz ýaly, Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä howa forumynyň möhümdigini, şeýle hem onuň gün tertibine dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, tutuş adamzadyň geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleleriň giriziljekdigini nygtady.


"Türkmenistan wajyp ykdysady wezipeleri çözmekde jogapkärli we işjeň orun eýeleýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň «COP-28» maslahatyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň beýanydyr – diýip" döwlet Baştutany belledi.