Hytaý Halk Respublikasynyň Szýuan welaýatynyň merkezinde «Hytaý we Merkezi Aziýa» atly ýagly reňkli nakgaş eserleriniň halkara sergisi guraldy.
17 — 25-nji noýabry aralygynda geçirilen sergä Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň belli nakgaşlary gatnaşdylar.
Bu çäre Türkmenistandan Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýew gatnaşdy. Halypa nakgaş özüniň «Rodoguna», «Tumar şa», «Gumly gelin», «Kejebe», «Üç elti» ýaly eserleri bilen bu ýere gelenleri tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Serginiň dowamynda oňa gatnaşan dostlukly ýurtlaryň nakgaşlary ussatlyk sapaklaryny geçdiler, birek-birekden tejribe alyşdylar we täze eserleri döretdiler. I.Işangulyýew ahalteke bedewine bagyşlap çeken «Şasöýen» atly eserini sergini guraýjylara sowgat berdi diýlip, habarda bellenilýär.
Sergä gatnaşanlara guraýjylar tarapyndan Diplomlar gowşuryldy.