Top.Mail.Ru

«Koreý milli baýramçylyklary» atly medeniýet agşamy geçirildi

15:3630.11.2023
0
29725

Aşgabat şäherinde «Koreý milli baýramçylyklary» atly medeni çäresi geçirildi.

Ony Türkmensitanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň çäklerinde Koreýanyň milli maglumatlar jemgyýeti agentligi tarapyndan esaslandyrylan «Türkmenistan – Koreýa maglumat elýeterlilik merkezi» Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde gurady.

Çärä gatnaşyjylara dürli çykyşlar, şol sanda koreý dilinde ýerine ýetirilen aýdymlar, koreý milli tanslary, ýelpewaçly koreý milli tansy hödürlenildi.

Aşgabat saglygy dikeldiş toplumynyň okuwçylary tarapyndan ýerine ýetirilen Koreýa Respublikasynda we tutuş dünýäde meşhurlyk gazanan BTS aýdym-saz toparynyň «Ýaz güni» aýdymy hem uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy Hwang Ho Ýong we koreý dili hünäriniň 5-nji ýyl talyby Aknur Myratgulyýewanyň koreý dilinde ýerine ýetiren çykyşy hem-de Aşgabat şäheriniň Taekwondo milli merkeziniň türgenleriniň ýerine ýetirmeginde Koreýa Respublikasynyň milli göreş sporty taekwondo boýunça taýýarlanan çykyşlar boldy.

Institutyň talyplary Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» goşgusyny türkmen we koreý dillerinde ýerine ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň