Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-rus söwda dolanyşygy 11,6 göterim artdy

16:0628.11.2023
0
13219
Türkmen-rus söwda dolanyşygy 11,6 göterim artdy
Surat: newscentralasia.net

Şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 11,6 göterim ýokarlandy. Bu görkezijiniň artmagy Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana söwda akymlarynyň ösmegi bilen baglanyşyklydyr. Muny Rus-türkmen işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Mihail Rumýansewiň sözlerine salgylanyp, «nCa» portaly habar berdi.

Rumýansewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda rus işewürleriň arasyndas ýüklerini getirmekde we ugratmakda Eýranyň Bender-Abbas deňiz portunyň mümkinçiliklerine gyzyklanma has artýar. Şunuň bilen baglylykda, «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň Gündogar şahasynyň ugrunda möhüm orny eýeleýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk hem ýokarlanýar.

Şeýle-de, M.Rumýansew häzirki wagtda ýük akymlarynyň aglaba böleginiň türkmen-eýran serhetindäki Sarahs — Sarahs serhet gümrük nokadyndan geçirilýändigini nygtap, şunda iki ýurduň demir ýollaryndaky tapawut sebäpli wagonlaryň tigirlerini çalyşmak zerurlygynyň ýüze çykýandygyna ünsi çekdi.

«Bu telekeçiler üçin goşmaça çykdajylary we wagty talap edýär. Netijede bu bökdençlik ýük akymynyň tizligine we mukdaryna hem täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem bu meseläni çözmek babatda degişli işler alnyp barylýar» diýip, ol belledi.

Ýeri gelende bellesek, Russiýa Federasiýasynyň «RŽD Logistika» golaýda «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäginden geçýän şahasynyň üsti bilen Eýrana we Hindistana konteýnerler arkaly unuň eksportyny ýola goýmak mümkinçiliginiň öwrenilýändigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň