Täze Zelandiýanyň oktýabrda geçen saýlawlarda üstün çykan täze Hökümet başlygy Kristofer Lakson kasam kabul etdi. Bu barada «MIR 24» ýazýar.
«Duşenbe säheri meniň üçin aýratyn boldy. Men Premýer-ministr hökmünde kasam kabul etdim. Doly bahaly wezipäme girişmek meniň üçin hormat, ynam we uly jogapkärçilik» diýip, täze Hökümet başlygy özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy.
Täze Zelandiýada Parlament saýlawlary 14-nji oktýabrda geçdi. Saýlawlaryň netijesine görä, Krostofer Laksonyň başlyklyk edýän Milli partiýasy sesleriň 38,6 göterimini alyp ýeňiş gazandy. Ikinji orny 26,1 göterim ses alan Leýboristler partiýasy we üçünji orny 11,6 göterim ses gazanan «Ýaşyllar» partiýasy eýeledi.