Turkmenportal logo
27.11.23
2898628986
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kuraş – 2023: Sanjar Abdyrahmanow çärýekfinala çykdy

Köýtendag etrabyndaky 4-nji sport mekdebiniň kuraş boýunça tälimçisi Sanjar Abryrahmanow şu gün Aşgabat şäherinde başlanan Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň 1/4 finalynda ajaýyp üstünlik gazandy. 90 kilograma çenli agram derejesinde hindistanly Ýaş Kumar Çauhan bilen tutluşan ildeşimiz ýeňiş gazanyp, adyny ýarymfinala ýazdyrmagy başardy.


Çempionatyň ilkinji gününde türkmenistanly türgenlerden Aýşirin Haýdarowa bilen Ruslan Esgerowyň hem ýeňiş gazanyp, atlaryny indiki tapgyrlara ýazdyrandyklaryny ýatladýarys.


Çempionatyň tutluşyklary günüň ikinji ýarymynda dowam eder. Agşam bolsa agram derejeleriniň sekizi boýunça medallaryň eýeleri belli bolar. Häzire çenli Türkmenistanyň milli ýygyndysyndan Aýşirin Haýdarowa bilen Ruslan Esgerow azyndan bürünç medal gazanmak mümkinçiligini kepillendirdi.