Soňky habarlar

Arhiw

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary başlandy

11:5927.11.2023
0
13459

Aşgabatdaky Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary başlandy. Häzirki wagtda ýaryşyň deslapky tutluşyklary geçirilýär.

Çempionatyň dowamynda göz öňünde tutulan 15 agram derejesiniň sekizisi boýunça ýaryşlar şu gün geçiriler. Has takygy, günüň ahyryna çenli erkekleriň arasynda 90 we 100 kilograma çenli, 100 kilogramdan ýokary, zenanlaryň arasynda bolsa 48, 52, 57, 63 hem-de 70 kilograma çenli agram derejelerinde dünýäniň täze çempionlary we dünýä çempionatynyň täze medalçylary belli bolar.

Başgaça aýdylanda, çempionatyň ilkinji gününde erkekleriň arasynda agyr, zenanlaryň arasynda bolsa ýeňil agram derejelerinde ýaryşlar geçiriler. Bu agram derejelerinde ýurdumyzdan 2016-njy ýylda geçirilen Kenarýaka Aziýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Sanjar Abdirahmanowyň, Türkmenistanyň çempionlary Ruslan Esgerowyň we Sapa Sapaýewiň, dünýäniň hem-de Aziýanyň wise-çempiony Aýşirin Haýdarowanyň, dünýäniň çempiony Aýnur Amanowanyň, ýurdumyzyň çempionlary Gülşat Annaýewa bilen Dinara Rozykulowanyň, şeýle-de dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Mariýa Lohowanyň çykyşlaryna tomaşa edip bileris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň