Turkmenportal logo
23.11.23
2482124821
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pakistan TOPH taslamasynyň ilerledilmegini goldaýar
Pakistan TOPH taslamasynyň ilerledilmegini goldaýarSurat: newscentralasia.net

Pakistan Yslam Respublikasy Russiýanyň «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçiriji taslamasyna gatnaşmagyny goldaýar. Muny golaýda TASS bilen geçirilen söhbetdeşlikde Pakistanyň Russiýada täze bellenen ilçisi Muhammad Halid Jamali mälim etdi.


— Ýurdumyzda energiýa çeşmelerine bolan isleg barha ýokarlanýar. Pakistan bu ugurda Merkezi Aziýadaky, Owganystandaky taslamalara birikmek isleýär. Biziň Russiýanyň gatnaşyp biljek islendik görnüşinde TOPH-a gatnaşmagyna garşylygymyz ýok - diýip, ilçi belledi.


«Pakistan akymy» gaz geçirijisi barada aýdyp, ilçi Jamali taslama boýunça Moskwa bilen gepleşikleriň dowam edýändigini tassyklady. Gepleşikler ilerleýän bolsa-da, turbageçirijiniň gurluşygynyň takyk möhleti indi kesgitlenilmeli.