Turkmenportal logo
20.11.23
1903819038
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Goşulyşmazlyk hereketiniň zenanlaryň hukuklary boýunça maslahatyna gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti Goşulyşmazlyk hereketiniň zenanlaryň hukuklary boýunça maslahatyna gatnaşýarSurat: report.az

Bakuwda Goşulyşmazlyk hereketiniň «Zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek atly maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň işine türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar diýip, «Report.az» habar berdi.


Aýal-gyzlaryň hukuklarynyň artdyrylmagyna bagyşlanan halkara maslahat iki gün dowam eder. Onuň barşynda zenanlaryň hukuklaryna degişli dürli temalar boýunça ara alyp maslahatlaşmalar guralar.


Maslahata BMG-niň, ISESCO-nyň we Halkara türk medeniýetiniň we mirasynyň gaznasy ýaly 9 halkara guramanyň wekilleri gatnaşýar.


Gatnaşanlaryň arasynda Türkmenistandan başga-da, Türkiýe, Özbegistan, Sudan, Russiýa, Indoneziýa, Müsür, Wenesuela, Palestina, Hindistan, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlaryň hünärmenleri hem bar.