18 — 20-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň «ÝHHG çökgünlik döwründe: içerki we daşarky wehimlere jogap bermekde Assambleýanyň orny» şygary astynda Ýerewanda geçirilen güýzki sessiýasynyň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň çäklerinde çykyş etmek bilen, türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri bilen bagly öňe süren halkara başlangyçlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti bu teklipleriň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň agza-döwletleri tarapyndan goldaw tapjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesi we parahatçylyksöýüjilikli syýasaty esasynda parlament hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmäge taýýardygyny belledi diýlip, habarda bellenilýär.