Soňky habarlar

Arhiw

«DUBAI AIRSHOW 2023» şowhunyna 95 ýurt gatnaşdy

13:4620.11.2023
0
24363
«DUBAI AIRSHOW 2023» şowhunyna 95 ýurt gatnaşdy
Surat: comingsoon.ae

Dubaýda geçen awiaşowhun sargytlaryň sany boýunça pudakdaky öňki rekordy täzeledi diýip, «Habar 24» ýazýar. Ýagny çäräniň dowam eden 4 gününiň dowamynda umumy bahasy 360 milliard dirhem ýa-da 100 milliard dollar bolan geleşikler baglaşyldy.

Awiaşowhunda dünýäniň 95 ýurdundan 1400 sany eksponat görkezildi. Ol 1989-njy ýyldan bäri harby we telekeçilik maksatly awiapudakdaky gazanylan sepgitleri tanyşdyrýan meýdançadyr.

Birleşen Arap Emirlikleriniň baş awiakompaniýasy çäräniň dowamynda «Boeing» we «Airbus» kompaniýalarynyň 110 sany ýolagçy uçaryny satyn almak üçin 60 milliard dollarlyk geleşik baglaşdy.

Müsüriň, Iordaniýanyň we Marokkonyň hem awiakompaniýalary iri geleşikleri baglaşdylar. Hünärmenler bu geleşikleriň pandemiýa döwründe çekilen ýitgilerden soňra awiapudagyň dikelýändigini görkezýär diýip, belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň