Turkmenportal logo
19.11.23
3654536545
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Eýran elektrik pudagynda we ýol gurluşygynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi baradaky resminamalara gol çekdiler
Türkmenistan we Eýran elektrik pudagynda we ýol gurluşygynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi baradaky resminamalara gol çekdiler

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň hem-de işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bu barada TDH ýazýar.


18-nji noýabrda bolan duşuşykda taraplar ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň oňyn depginini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy, gurluşyk we infrastruktura, gümrük hem-de serhet kadalaşdyrylyşy, senagat, oba we suw hojalygy, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalar ulgamynda gepleşikleri dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.


Nobatdaky hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.


Şol sanda:


  • Mary (Türkmenistan) – Maşat (Eýran) elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini ýola goýmak hakynda «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, «Tawanir» kompaniýasynyň we «Sanergy Pishro Export and Energy Promotion» kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyk;
  • Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda «Gumdag — Etrek — Eýran serhedi» awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama.

Ýokarda agzalan resminamalardan başga-da, hökümetara toparyň egindeş başlyklary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň on ýedinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.