Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde ulag ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin degişli işleri geçirmek barada pikir alyşmalar boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, amala aşyrylýan taslamalar, häzirki wagtda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň Prezidentiniň düýpli oýlanyşykly syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň içinde we daşynda awtomobil ýollarynyň gurulmagy Türkmenistanyň multimodal logistika ulgamyny ösdürmekde möhüm tapgyr bolup durýandygyny aňladýar.
Mejlisde awtoulag ýollarynyň gurluşyklaryna möhüm ähmiýet berildi. Bu babatdaky işleriň hatarynda Etrek – Gumdag awtoulag ýolunyň hem möhümdigi bellenilmäge mynasypdyr.
Mejlisiň netijeleri boýunça Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen EYR-nyň Ýol we şähergurluşyk ministrliginiň arasynda «Gumdag – Etrek – Eýran serhedi» awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň on ýedinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.