Turkmenportal logo
17.11.23
2738827388
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi öz işine başlady
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi öz işine başlady
Surat: mfa.gov.tm

17-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi öz işine başlady. Türkmen wekilýetine Toparyň türkmen tarapyndan başlygy — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär, eýran wekilýeti Toparyň eýran tarapyndan başlygy – Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygynda gatnaşýar.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.



Habarda bellenilişi ýaly, mejlisiň birinji gününiň maksatnamasyna söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlarynda, ulag, logistika, senagat, oba we suw hojalyk, maýa goýum, standartlaşdyryş pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri girizildi. Şeýle-de Hökümetara toparyň 16-njy mejlisiniň çözgütleriniň amala aşyrylyşynyň gidişi seljerildi.


Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi öz işini 18-nji noýabrda dowam eder diýlip, habarda bellenilýär.