14-nji noýabrda Türkmenistan Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag-üstaşyr geçelgesini ösdürmek boýunça Esasy Köptaraplaýyn Şertnama goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Ýeri gelende bellesek, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag-üstaşyr geçelgesini ösdürmek boýunça Esasy Köptaraplaýyn Şertnama 1998-nji ýylyň sentýabr aýynda Baku şäherinde kabul edilip, onuň esasy maksady Ýewropa sebitinde, Gara deňizde, Kawkazda, Hazar deňzinde we Aziýada ykdysady gatnaşyklary, söwda we ulag aragatnaşygyny ösdürmekden, şeýle hem harytlaryň halkara gatnawyny öňe sürmek we ýeňilleşdirmek, hereketleriň howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag syýasatyny sazlaşdyrmak we ulagyň dürli görnüşleriniň arasynda bäsdeşlik üçin deň şertleri döretmekden ybarat bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, täzeden dikeldilýän gadymy Ýüpek ýolunyň esasy söwda geçelgesi hasaplanýan Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASECA) ulag geçelgesi sebitdäki durnukly ykdysady ösüşegoldaw bermek, şeýle hem Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň halkara bazarlara çykmagyna amatly çykalgalary ýola goýmak üçin döredildi.
Maglumat üçin, Türkmenistanyň Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag-üstaşyr geçelgesini ösdürmek boýunça Esasy Köptaraplaýyn Şertnama goşulmagy baradaky degişli kanunçylyk resminamasy 30-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi.