Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi

21:5716.11.2023
0
24436
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuýy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Şunda Hytaý tarapynyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmany mähirli mübärekläp we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, HHR-iň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de Sinszýan-Uýgur awtonom raýony bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini we häzirki wagtda dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuý partiýalaryň we parlamentleriň arasynda hem gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygyny, iki ýurduň syýasy partiýalarynyň wekilleriniň özara saparlarynyň yzygiderli guralýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini öwrenýän ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy, türkmen talyplarynyň köpüsiniň bolsa Hytaýda okaýandygy bellenildi.

Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, golaýda Hytaý dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň hem-de Türkmenistanyň aýry-aýry ýokary okuw mekdepleriniň, ýagny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, şeýle-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň arasynda hytaý dili mugallymlary bilen üpjün etmek barada hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmäge täze itergi berer.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretary Ma Sinžuý birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki ýurduň hem-de olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky ynanyşmak, deňhukuklylyk ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň