Turkmenportal logo
14.11.23
3052830528
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mergen Orazow Türkmenistan — Özbegistan oýnunyň öňüsyrasynda metbugat ýygnagyna gatnaşar
Mergen Orazow Türkmenistan — Özbegistan oýnunyň öňüsyrasynda metbugat ýygnagyna gatnaşar

16-njy noýabrda «Aşgabat» stadionynda DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyrynyň «E» toparçasyndan orun alan Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýun geçiriler. Duşuşyk sagat 19:00-da başlanar.


Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 15-nji noýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda oýna gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçirildi.


Metbugat ýygnagynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow hem-de Özbegistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Sreçko Katanes žurnalistleriň sowallaryna jogap berer. Metbugat ýygnagy ýerli wagt bilen 18:00-da başlanar.