Top.Mail.Ru

Raşid Meredow ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory bilen duşuşdy

11:0213.11.2023
0
16936

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory Matteo Mekaççi bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

10-njy noýabrda bolan duşuşygyň barşynda ministr bu saparyň Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi nukdaýnazaryndan möhümdigini belledi. Türkmenistanyň beýleki halkara guramalar bilen bir hatarda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy, Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň edarasy, Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasy, Metbugat azatlygy boýunça wekiliň edarasy ýaly düzümleri bilen netijeli aragatnaşyk saklaýandygy nygtaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň missiýasynyň Türkmenistanda geçirilýan prezident we parlament saýlawlaryna baha bermek üçin yzygiderli gatnaşýandygy bellenildi.

Şonuň ýaly-da, taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda kanunçykaryjylyk işlerine ýardam bermek, Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasyna goldaw, saýlaw prosesslerini güýçlendirmek, metbugat azatlygyny ilerletmek we maglumat elýeterliligini artdyrmak, şeýle hem adam hukuklary babatynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin mümkinçiliklere seredip geçdiler.

Saparyň dowamynda ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktorynyň Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy, Ýokary Kazyýetiň, Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Adalatçysy bilen duşuşyklary geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň