BMGÖM TSGDSM-e enelere we täze doglan çagalara gyssagly kömek bermek üçin dermanlary gowşurdy

13:1311.11.2023
0
31018

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça taslamanyň çäginde dermanlar bilen üpjün etmegini dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMGÖM Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine (TSGDSM) umumy bahasy 1,174,870.00 ABŞ dollaryna barabar bolan enelere we täze doglan çagalara gyssagly kömek bermek üçin dermanlary gowşurdy.

Gowşurylan derman serişdeleriniň sanawy:

  • ​Kurosurf (Surfaktant) — Güýçli dem alyş bozulmalary bolan täze doglan çagalara gyssagly kömek bermek üçin;
  • ​Oktapleks - (protrombin toplumy, II, VII, IX, X faktorlar, belok C, belok S) çaga dogurylýan döwüde ýüze çykýan kynçylyklaryň öňüni almak we bejermek üçin;
  • Rezonatiw (anti-D immunoglobulin). Iki derman hem çaga dogranda ýüze çykýan agyrlaşmanyň öňüni almak we bejermek üçin ulanylýar.

Berilýän dermanlar TSGDSM tarapyndan Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş edaralaryna we ýurduň welaýatlaryna paýlanylýar.

2021-nji ýyldan bäri BMGÖM we TSGDSM ÝDK-leri bejermek üçin dermanlar bilen üpjün etmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýärler. Taslamalaryň umumy býudjeti 92 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Taslamalar Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň