Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wise-premýeri «Türkmentel-2023»-iň çäginde nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

14:2709.11.2023
0
22362

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa radio ýygylyklaryny dolandyrmak üçin çap enjamlaryny we programma üpjünçiligini öndürmekde ýöriteleşen nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.

Hususan-da, wise-premýer Aşgabatda «Türkmentel-2023» halkara forumynyň çäginde «Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH» kompaniýasynyň direktory Gerhard Fişer we «LS Telecom Ag» kärhanasynyň başlygy Georg Şöne bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň netijesinde taraplar telekommunikasiýa pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we hyzmatlaryň hem-de önümleriň hilini ýokarlandyrmakda tejribe alyşmak barada ylalaşdylar. Şunuň bilen birlikde hem Işiň belli ugurlarynda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekildi.

«Türkmentel-2023» halkara sergisiniň we maslahatynyň çäginde aragatnaşyk pudagyndaky türkmen edaralarynyň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, jemi 74 sany duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň