Hytaý internetde garaşsyzlyga we dürli ýurtlarda internedi ösdürmegiň ýollaryna hormat goýmaga çagyrýar. Bu barada Hytaýyň Başlygy Si Szinpin ýurduň Uçžen şäherinde geçen Bütindünýä internet-maslahatyna gatnaşyjylara wideo arkaly ýüzlenmesinde aýtdy diýip, «Izwestiýa» ýazýar.
«Biz howpsuzlyk we elýeterlilik, has parahat hem goragly kibergiňişlik üçin çykyş edýäris. Internet garaşsyzlygyna we her bir ýurtda internetiň ösüşine hem-de dolandyrylyşyna hormat goýuň. Kibergiňişligiň halkara düzgünlerini berjaý ediň we kiber-agalyga gatnaşmaň» diýip, Szinpin nygtady. Ol şeýle-de şahsy maglumatlaryň goraglylygyny berkitmäge çagyrdy.
Szinpiniň sözlerine görä, Hytaý ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen «Emeli aňy dolandyrmak boýunça ählumumy başlangyjy» durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga we emeli aňyň howpsuz ösüşine ýardam bermäge taýýardyr.
Bütindünýä internet-maslahaty Hytaýyň Çžeszýan ülkesiniň Uçžen şäherinde dowam edýär, ol 10-njy noýabrda tamamlanar.