Turkmenportal logo
08.11.23
3764837648
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly Eziz Penjiýew «Fight Nights 120» turnirinde Sergeý Tolmaçew bilen tutluşar
Türkmenistanly Eziz Penjiýew «Fight Nights 120» turnirinde Sergeý Tolmaçew bilen tutluşar

10-njy noýabrda türkmenistanly söweşiji Eziz Penjiýew «Fight Nights» rus promouşeni tarapyndan guralýan söweş agşamynda oktagona çykar. Has takygy, Russiýada geçiriljek «Fight Nights 120» turniriniň çägindäki 3 raunda niýetlenen söweşde türkmen türgeni russiýaly Sergeý Tolmaçew bilen duşuşar. Bu barada «Gala Sports Management» habar berdi.


Eziz Penjiýew — ýeňil agramda çykyş edýän söweşiji bolup, ol dzýudo boýunça sport ussatlygyna dalaşgärlik derejesiniň eýesidir. Onuň şahsy agramy 61,2 kilograma deň. Eziz Penjiýew söweş sambosy boýunça Moskwanyň çempionatynyň we Kubogynyň eýesi bolmagy başardy.


Türkmenistanly söweşiji üçin öňdäki tutluşyk GDA-nyň çäklerine garyşyk söweş sungaty boýunça söweş agşamlaryny guraýan abraýly «Fight Nights» promouşenindäki debýut bolar.


Penjiýew bilen Tolmaçewiň arasyndaky duşuşyga «Udar» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.