Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary XIII Bütin Russiýa ylym festiwalynyň ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar

09:4708.11.2023
0
23163

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary XIII Bütin Russiýa ylym festiwalynyň ylmy-amaly maslahatyna onlaýn ýagdaýda gatnaşdylar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Habarda bellenilmegine görä, maslahatyň maksatnamasynda şu aşakdakylar ýaly jemi 13 bölümçe göz öňünde tutuldy.

  • Gurluşyk materiallary we desgalary;
  • Fizika we matematika ylymlary hem-de mehanika;
  • Energiýa netijeli we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar;
  • Gidrawlik inženerligi;
  • Binagärlik, dizaýn, täzeden gurmak we binagärlik mirasyny dikeltmek we ş.m.

Bu maslahata dürli bilim edaralaryndaky kärdeşlerine gymmatly hünär tejribesini paýlaşmaga, ylmy gözleglerini we ösüşlerini tomaşaçylara hödürlemäge hem-de başarnykly pikirler we innowasiýa pikirleri alyşmaga mümkinçilik berýän bilelikdäki tematiki pikir alyşmalar üçin meýdança öwrüldi.

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleri bu çäräniň medeniýetler arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine we ylym we bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň giňelmegine uly goşant goşandygyny bellediler.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, XIII Bütin Russiýa ylym festiwaly 23-nji oktýabrdan 23-nji noýabr aralygynda Nižegorod Döwlet arhitektura we gurluşyk uniwersitetinde «NAUKA 0+» atly Bütin Russiýa festiwalynyň çäginde geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň