Soňky habarlar

Arhiw

Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi mobil aragatnaşygyň täze nesli boýunça okuw sapagyny guraýar

09:3808.11.2023
0
20035

Mobil aragatnaşyk senagaty aragatnaşykda täze döwri açjak we ony has tiz hem-de çeýe etjek 5G tehnologiýasynyň giňden ornaşdyrylmagyna taýýarlanýar. 9-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda badalga aljak «Mobil aragatnaşyk torlarynyň täze nesliniň (IMT-2020/5G) işe girizilmegi» atly iki günlük okuw sapagy bu ugurda anyk çäreleri durmuşa geçirmegi maksat edinýär.

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergä we ylmy maslahata bagyşlanan çäräniň guramaçysy hökmünde Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi (ITU) çykyş edýär.

Döwlet edaralarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň, pudaklaýyn birleşikleriň we ýokary okuw mekdepleriniň, düzgünleşdiriji guramalaryň, telekom operatorlarynyň, gyzyklanýan guramalaryň wekilleri hem-de bu mesele bilen gyzyklanýanlaryň ählisi okuw sapagyna gatnaşmaga çagyrylýar.

Pudaklaýyn çäräniň wezipeleri: gatnaşyjylary binýadynda 5G ulgamy duran tehnologiýalar we konsepsiýalar, 5G bilen mobil aragatnaşyk tehnologiýalaryň öňki nesilleriniň arasyndaky esasy tapawutlar, 5G torlaryny işe girizmegiň ugurlary we dünýä tejribesi bilen tanyşdyrmak. Şeýle hem bu okuw sapagy Türkmenistanda 5G tehnologiýasyny hem-de hyzmatlaryny ornaşdyrmagy optimizasiýalaşdyrmak boýunça hökümetiň we düzgünleşdirijiniň (regulýatoryň) iň amatly hereketlerini kesgitlemäge kömek eder.

Okuw sapagynyň ilkinji gününde – 9-njy noýabrda onuň işi Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda sagat 14:00-da başlar. Mowzuklaýyn mejlislere gatnaşyjylar maglumat-kommunikasiýalar ulgamyndaky tehnologik ösüş meýilleri, 5G/IMT-2020 torlarynyň tehnologiýalary we mümkinçilikleri, 5G/IMT-2020 düzgünleşdirmekde we standartlaşdyrmakda Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrylar, şeýle hem 5G/IMT-2020 üçin paýlaýjy spektriniň bahasy we şertleri maglumat berler.

10-njy noýabrda mowzuklaýyn mejlisler sagat 9:30-da başlar we 5G/IMT-2020 spektrine, 2G/3G radioýygylyk zolaklarynyň ulanylyşyny rasionallaşdyrmaga, 5G/IMT-2020 eýýamynyň esasy draýwerlerine we täze işewürlik modellerine bagyşlanar. Mejlislere gatnaşyjylar Günorta Koreýada 5G torlaryny täjirçilik taýdan işe girizmegiň we ony ösdürmegiň tejribesi, 5G/IMT-2020 torlaryny işe girizmegiň strategiýalary bilen tanyşarlar. Aýratyn mowzuklaýyn mejlisler 5G/IMT-2020-iň uzak möhletleýin ewolýusiýasyna we 6G-e geçmegiň meselelerine, 5G/IMT-2020 eýýamynda elektromagnit meýdanynyň täsirini düzgünleşdirmäge hem-de infrastrukturany bilelikde peýdalanmaga gönükdiriler.

Mejlislerde çykyş etjekler radioaragatnaşyk we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamlarynda uly tejribä eýe hünärmenlerdir. Olaryň hatarynda Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň Radiokommunikasiýa býurosynyň Fiksirlenen we ykjam hyzmatlar bölüminiň başlygy Karlis Bogens, «Ubiquitous Wireless LLP» (Gazagystan) kompaniýasynyň tehniki direktory Wadim Poskakuhin, Sanly özgerişleri tizleşdirmek forumynyň (öňki «APAC 5G» forumy) ýolbaşçysy we GSMA-da Demirgazyk-Gündogar Aziýa sebitiniň başlygy Jon Dewid Kim bardyr.

«Mobil aragatnaşyk torlarynyň täze nesliniň (IMT-2020/5G) işe girizilmegi» atly okuw sapagy tölegsiz esasda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň