Ýokary liganyň 21-nji tapgyryndaky «Şagadam» ― «Köpetdag» duşuşygynda hasap tagtasyny bir gezek hem üýtgetmeli bolmady. Duşuşyk başlanyşy ýaly, 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.
Bu deňlik dördünji orundaky «Köpetdagy» 22-nji, dokuzynjy orundaky «Şagadamy» bolsa 10-njy utugyna göterdi.
Şeýlelikde, «Şagadamyň» şu möwsümde ilkinji gezek «Köpetdagdan» asgyn gelmändigini aýtmak gerek. Birinji we ikinji aýlawdaky duşuşyklaryň ikisinde-de «Köpetdag» «Şagadamy» ýeňmegi başarypdy.
Duşuşyk Türkmenbaşy şäherindäki «Şagadam» stadionynda geçirildi.
«Şagadam» – «Köpetdag» – 0:0
- Duýduryşlar: 84 Wekil Kadyrow, 90+4 Emir Berdiýew («Şagadam») – 27 Orazgeldi Seýidow, 50 Şamämmet Hydyrow, 75 Batyrgylyç Berdiýew, 77 Ylýas Çaryýew, 80 Wepa Mämmedow («Köpetdag»)
- Geçirilen ýeri: «Şagadam» stadiony (Türkmenbaşy ş.)
- Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.)
- Kömekçi eminler: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)
- Ätiýaçdaky emin: A.Weliýew (Änew ş.)
- Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Çeşme: Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy
