Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gülnabat Abdullaýewa halkara festiwalyň «Iň gowy zenan keşbi üçin» baýragyna mynasyp boldy

14:3005.11.2023
0
20033
Gülnabat Abdullaýewa halkara festiwalyň «Iň gowy zenan keşbi üçin» baýragyna mynasyp boldy
Surat: medeniýet.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwaly geçirildi. Bu festiwalda Türkmenistanyň adyndan Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi.

Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan gelen döredijilik toparlary bilen birlikde, Türkmenistanyň adyndan çykyş eden teatr artistleri «Leýli — Mejnun» dessany esasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan «Söýgi we hasrat» atly sahna eseri bilen çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanly artistleriň Azerbaýjanyň döwlet akademiki rus drama teatrynyň sahnasynda ýerine ýetiren çykyşy halkara festiwala gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalynyň ahyrynda oňa gatnaşan ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň artistlerine ýörite baýraklar gowşuryldy. Bu festiwalda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Gülnabat Abdullaýewa festiwalyň «Iň gowy zenan keşbi üçin» baýragyna mynasyp bolmagy başardy.

TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalyna gatnaşýan ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşyna baha bermek üçin eminler topary döredildi. Alty adamdan ybarat toparyň agzalarynyň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Gülälek Akmyradowanyň bardygyny hem bellemek gerek. Eminler topary festiwalyň dowamynda artistleriň aktýorlyk başarnygyna, wakalaryň goýluş yzygiderligine, egin-eşiklere we grimine, şeýle-de spektakllaryň çeper bezegine baha berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň