Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) 10-njy sammitindäki çykyşynda TDG-niň düzümine girýän ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça «Ýol kartasynyň» taýýarlanmagyny teklip etdi. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň baý nebit-gaz gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa göterijileriniň dünýä bazaryna ygtybarly we howpsuz ýagdaýda iberilmegi baradaky syýasaty alyp barýandygyny aýtdy. Ylaýta-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň goňşy ýurtlara we sebitiň ýurtlaryna iberilmegi babatda işleriň amala aşyrylýandygy hakynda aýdyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdyşy ýaly, bu ugurda Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän ýurtlar bilen ysnyşykly gatnaşyklar alnyp barylýar.
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow mysal hökmünde häzirki wagtda Türkmenistanyň goňşy we doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana we Azerbaýjana öz tebigy gazyny iberýändigini aýtdy.
— Şol bir wagtyň özünde, türkmen tebigy gazyny Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjana, Türkiýä we geljekde dünýä bazarlaryna çykarmak üçin mümkinçiliklerimiz bar. Bu babatda ýakyn wagtda biziň doganlyk ýurtlarymyz bilen ähli zerur bolan meseleleri çözüp, degişli işleri amala aşyrarys diýip berk ynanýaryn — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Elektrik energetikasy barada durup geçip, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistanyň goňşy doganlyk ýurtlar bolan Özbegistana we Gyrgyzystana öz elektrik energiýasyny iberýändigini we geljekde elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen doganlyk Azerbaýjana we Türkiýä hem iberip biljekdigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günüň özünde Hazar deňziniň türkmen kenarynda, Türkmenbaşy şäheriniň ýanynda kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan täze döwrebap elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulandygyny aýratyn belledi.
— Umuman, durmuşa geçirilýän bilelikdäki işleri güýçlendirmek we hukuk taýdan berkitmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň düzümine girýän ýurtlar tarapyndan energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanmagyny maksadalaýyk hasaplaýaryn — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.