Turkmenportal logo
03.11.23
3023330233
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Astana bolan iş saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi.


Taraplar türkmen-gazak özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary barada pikir alyşdylar.


Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Bu barada «Türkmenostan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.


Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapar bilen bardy.