Turkmenportal logo
02.11.23
2506625066
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: «Ahal» meýdanda sekiz oýunçy bilen galan «Nebitçini» utup bilmedi
TÝL ― 2023: «Ahal» meýdanda sekiz oýunçy bilen galan «Nebitçini» utup bilmedi

Dört sany gyzyl kart görkezilen dartgynly duşuşykda «Ahal» bilen «Nebitçi» 2:2 hasabynda deň-deň oýnady. Türkmenistanyň çempionatynyň 20-nji tapgyryndaky bu duşuşyk şu gün Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda geçirildi.


Möwsümde şowsuz girişip, soňky tapgyrlarda özüni dürsän hem bolsa, üçünji orundaky «Nebitçiden» 10 utuk yzda barýan «Ahal» 12-nji minutda Elman Tagaýewiň geçiren goly bilen öňe saýlanan hem bolsa, «Nebitçi» 36-njy minutda Akmämmet Metdäýew, 3 minut soňra bolsa Serdar Tukyýew bilen öňe saýlandy. «Ahaly» diňe 89-njy minutda tejribeli goragçysy Şöhrat Söýünow utulyşdan halas etdi. Şol minutda ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy dürs bolmadyk bolsa, dessine özüni dürsäp, derwezeçiden yza serpigen topy derwezä dogry gönükdiren goragçy hasaby deňlemegi başardy.


8 sany sary kart görkezilen duşuşykda 51-nji minutda «Nebitçiden» Elýas Akyýew, 65-nji minutda bolsa «Ahaldan» Elman Tagaýew, «Nebitçiden» Döwran Berdiýew bilen Wezirgeldi Ylýasow meýdandan çykaryldy.


Bu duşuşykdan soň «Nebitçi» 30, «Ahal» bolsa 20 utuga çykdy.