Turkmenportal logo
01.11.23
4789347893
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa gatnawlarynyň togtadylmagyny uzaltdy
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa gatnawlarynyň togtadylmagyny uzaltdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji noýabrda güýje giren we täzelenen meýilnamasyna laýyklykda Russiýanyň paýtagtyna uçuşlaryň togtadylmagyny uzaltdy. Bu barada awiakompaniýa resmi turkmenistanairlines.tm web sahypasynda habar berdi.


Täze meýilnama laýyklykda, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýa diňe Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlaryna hepdede 5 gezek — sişenbe, çarşenbe, penşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde gatnaw amala aşyrar.


«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçuş tertibini şu ýerden görüp bilersiňiz.


Ozal «Turkmenportal» «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2023-nji ýylyň 8-nji awgustyndan 28-nji oktýabry aralygynda Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryny togtadýandygyny habar berdi.


Uçuş tertibi we petekler boýunça has giňişleýin maglumatlary awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan alyp bilersiňiz.