Soňky habarlar

Arhiw

Gimalaýlardaky buzluklar çalt ereýär

16:4131.10.2023
0
23883

Gimalaý daglaryndaky buzluklar ählumumy maýlama bilen baglylykda, çalt eräp başlady, olar eýýäm şu ýüzýyllygyň ahyryna çenli göwrüminiň 75 göterimini ýitirip biler.

Bu barada Dag etraplaryny toplumlaýyn özleşdirmek boýunça Halkara merkezine salgylanýan «Habar 24» ýazýar. Ýagdaý howply sil joşmalaryna we 240 million adam üçin suw ýetmezçiligine getirip biler.

Howa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Nepala 4 günlük sapar bilen geldi, ol ýerli ilat bilen howanyň üýtgemeginiň netijelerini ara alyp maslahatlaşmakçy bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň