Turkmenportal logo
30.10.23
1871618716
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: 19-njy tapgyryň jemleýji duşuşygynda «Altyn asyr» «Energetikden» üstün çykdy
TÝL ― 2023: 19-njy tapgyryň jemleýji duşuşygynda «Altyn asyr» «Energetikden» üstün çykdy

Şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 19-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy geçirilip, onda paýtagtyň «Altyn asyr» topary «Energetikden» üstün çykdy. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.


Mary şäherinde geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda paýtagtymyzyň toparynyň peýdasyna tamamlandy.


Gazanan bu ýeňşinden soň utugyny 30-a ýetiren «Altyn asyr» ýaryş tertibinde ikinji orny eýelemegini dowam edýär. 12 utugy bolan «Energetik» eýeleýän 8-nji ornunda galdy.


19-njy tapgyryň duşuşygy:


«Energetik» – «Altyn asyr» – 1:2


Gollar: 5 Serdar Annamämmedow – 32 Aşyr Jumadurdyýew, öz derwezesine, 36 (11 m.j.u.) Ahmet Ataýew.