Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen suratkeşi amaly-haşam sungatynyň IV Daşkent biennalesinde ýeňiji boldy

16:4930.10.2023
0
36294

Türkmenistanly gobelen suratkeşi Altynjemal Baýlyýewa amaly-haşam sungatynyň IV Daşkent biennalesinde ýeňiji boldy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Altynjemal Baýlyýewa «Petroglifleriň syrlary» (triptih) we «Durmuş kerweni» (poliptih) döredijilik eserleri üçin halklara çäräde 1-nji orna mynasyp bolup, şahadatnama hem-de pul baýragy bilen sylaglandy.

Çärä onlaýn görnüşde Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Şu ýyl Daşkent biennalesi «Globallaşma we milli däp-dessurlary gorap saklamak: ýol saýlamak» şygary bilen geçirildi. Ol Özbegistanyň Sungat akademiýasy tarapyndan respublikadaky daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we wekilhanalarynyň kömegi bilen guraldy.

Sergä Türkmenistandan, Özbegistandan, Italiýadan, Fransiýadan, Hindistandan, Müsürden, Ýaponiýadan, Litwadan, Russiýadan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandandan amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň 90 sanysy gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň