Top.Mail.Ru

Türkmen aýdymçysy Begmyrat Annamyradow Seul şäherinde «ABU TV Song Festival» aýdym-saz festiwalyna gatnaşdy

14:3430.10.2023
0
40065

Türkmen estradasynyň meşhur aýdymçylarynyň biri bolan Begmyrat Annamyradow ýekşenbe güni Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilen «ABU TV Song Festival» aýdym-saz bäsleşik telefestiwalynda Türkmenistana wekilçilik etdi.

HHM-iň habar bermegine görä, Begmyrat Annamyradow abraýly aýdym-saz telefestiwalynyň çäklerinde «KBS Hall» sahnasynda «Arkadagly ak şäher» aýdymy bilen çykyş etdi.

Türkmenistanda Dj Begga ady bilen tanalýan Begmyrady goldamak üçin Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri we koreý uniwersitetlerinde okaýan türkmen talyplary konserte geldiler. Olar öz ýurtlarynyň aýdymçysyny uly höwes bilen garşy aldylar. Hut şol gün Begmyradyň doglan güni bolandygyny göz öňünde tutsak, bu goldaw aýdym üçin has-da ýakymly boldy diýip bileris.

Festiwalda yklymyň 11 ýurdundan gelen sungat ussatlary türkmen aýdymçysy bilen bir sahnada çykyş etdiler.

Festiwalyň ahyrynda ähli gatnaşyjylar bilen bir hatarda türkmen aýdymçysyna hem dabaraly ýagdaýda ýörite sylag gowşuryldy.

Ýeri gelende bellesek, festiwalyň guramaçysy bolup Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşigi (ABU) çykyş edýär. Bu aýdym-saz bäsleşigi 2012-nji ýyldan bäri her ýyl dabaraly ýagdaýda bellenip geçirilýär. Ol 2018-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň