Top.Mail.Ru

«Türkmennebit» halkara nebit-gaz kompaniýalaryny özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrdy

11:0627.10.2023
0
17436
«Türkmennebit» halkara nebit-gaz kompaniýalaryny özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrdy
Surat: newscentralasia.net

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy —2023» halkara maslahatynyň ikinji mejlisinde esasy spiker hökmünde çykyş etdi. Aşgabatda geçirilýän halkara nebit-gaz forumynyň ikinji mejlisi 26-njy oktýabrda geçirildi.

Mejlisde häzirki wagtda nebit we gaz pudagynyň dünýädäki energiýanyň 55 göterimini üpjün edýändigi aýdyldy. Alternatiw energiýa çeşmelerine doly geçmek baradaky çagyryşlara garamazdan, nebitden we gazdan dessine we düýbünden ýüz öwürmegiň mümkin däldigi bellenildi.

Munuň tersine, nebit-gaz pudagynyň howa dialogynyň we klimat çözgütleriniň bir bölegi bolmalydygy hakyndaky düşünje berkeýär diýlip, bu pudagyň ähmiýeti, şeýle hem bu babatda maýa goýumlaryň möhüm orny nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, «SNP Global Platts»-yň analitikleri täze maýa goýumlary bolmazdan, bar bolan nebit we gaz önümçiliginiň 2050-nji ýyla çenli 75% azalmagy mümkin diýip çaklaýarlar. Häzirki energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda esasy orun adaty energiýa çeşmelerine — nebit bilen gaza berler. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan alternatiw energiýa çeşmelerini ulanmakda işjeň pozisiýa eýeleýär. Muňa ýurduň global energiýa howpsuzlygynyň täze ýörelgelerini - arzan energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi we önümçilik maksatlary bilen daşky gurşawy goramak maksatlarynyň arasyndaky deňagramlylygy ösdürmäge gönükdirilen anyk başlangyçlary şaýatlyk edýär.

Mundan başga-da, «Türkmennebitiň» başlygy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda wodorod energiýasy pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýol kartasynyň tassyklanandygyny aýtdy. Şeýle hem ähli gyzyklanýan halkara nebit we gaz kompaniýalaryny deňlik we özara bähbitlik şertlerinde özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň