Turkmenportal logo
26.10.23
2645126451
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-­türk işewürlik forumy­na gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-­türk işewürlik forumy­na gatnaşýar

Türkiýe Respubl­ikasynda resmi sapar bilen bolýan Türkmenistanyň Prezid­enti Serdar Berdimuha­medow Ankarad­a geçirilýän Türkmen-­türk işewürlik forumy­na gatnaşýar. Bu barada TDH habar berýär.


Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara binasynda geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, şu duşuşykda-da netijeli we önjeýli gepleşikleri dowam etmegiň maksadalaýykdygy barada aýtdy hem-de forumyň dowamynda ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjek, mundan soňra ediljek bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi.