Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkiýä bardy, Aşgabatda hünärmenler dünýä energetikasynda Türkmenistanyň orny barada pikir alyşdylar, Astrahan oblasty Türkmenistan bilen gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge taýyn we beýleki habarlar

10:5326.10.2023
0
17455

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna bardy. Prezidentiň uçary Ankaranyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Türkiýe Respublikasynyň resmi adamlary garşyladylar. Serdar Berdimuhamedow saparynyň dowamynda türk kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşar.

2. Ýakyn ýyllarda dünýäniň energetika ulgamynda Türkmenistanyň orny has-da ýokarlanar. Bu pikir «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» atly halkara maslahatyň umumy mejlisinde bilermenler tarapyndan beýan edildi. «Türkmenistanyň Aziýanyň energetika bazarynda esasy orny eýeleýändigi we tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygy mälimdir. Geljege nazar aýlap, ýakyn on ýylda türkmen tebigy gazynyň gorlaryna islegiň artjakdygyna ynanýarys» diýip, «Baker Hughes» kompaniýasynyň Hazar sebiti boýunça wise-prezidenti Ýelena Akolsewa aýtdy.

3. Astrahan oblastynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Denis Afanasýew sebitiň gämi gurluşygy pudagynda Türkmenistan bilen has ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy. «Gämi gurluşygy babatynda gowy mümkinçiliklermiz bar, biz bu ugurda ýeterlik derejede işjeň gatnaşýarys. Gämi abatlaýyş kärhanalarymyz «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen doly hyzmatdaşlyga taýyn» diýip, Afanasýew belledi.

4. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Duşanbe şäherinde «Çodarihaýol» atly gurjak teatrlarynyň halkara festiwalyna gatnaşýarlar. Olar festiwalda türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplarynyň esasynda döredilen «Baky rowaýat» atly spektakly görkezdiler. Türkmen talyplarynyň sahnasy festiwala gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.

5. Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin her biri iki gatly, 16 öýli iki sany täze ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi. Ýaşaýyş jaýlaryndaky öýler 2, 3 we 4 otaglardan ybarat bolup, olarda ýaşaýyş üçin hemme amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Dabaranyň dowamynda konserniň düzümine girýän kärhanalaryň işgärlerine täze öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dünýäde

6. ÝUNESKO Interpol bilen bilelikde dürli ýyllarda muzeýlerden ogurlanan taryhy tapyndylaryň esasynda wirtual muzeý dörederler. Muzeý 2025-nji ýylda açylar. Başlangyç ýygynda, takmynan, 600 sany ýitirim bolan gymmatlyk giriziler. Taslamanyň bahasy 2,5 million dollar diýlip çaklanylýar.

7. Dünýäde iň garry diýlip hasaplanýan we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Bobbi atly it 32 ýaşynyň içinde öldi. Bobbi 31 ýyl 165 gün ýaşady we ýakynda ýüzden gowrak myhmanyň gatnaşmagynda doglan gününi belledi. Ol ömrüniň ahyryna çenli Portugaliýadaky bir maşgalada ýaşady. Bobbi portugal mastifi diýlip atlandyrylýan rafeýru du alentežu tohumyna degişlidi.

Sport habarlary

8. AFK kubogynyň üçünji tapgyrynyň çägindäki «Merw» bilen «Altyn asyryň» arasyndaky duşuşykdan öň geçirilen metbugat maslahatynda toparyň baş tälimçisi Witaliý Alikperow we derwezeban Merdan Saparow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler. Witaliý Alikperow toparyň oýna doly taýýardygyny, şikes alan oýunçylaryň ýokdugyny, şol sanda hüjümçi Myrat Ýagşyýewiň şikeslerden gutulandygyny we ilkinji minutlardan oýnamaga taýyndygyny belledi. Saparow toparyň ýeňiş gazanmak üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň