Soňky habarlar

Arhiw

OGT-2023 halkara nebit-gaz sergisine dünýäniň 30 döwletinden kompaniýalar gatnaşýar

13:2925.10.2023
0
18243

Şu gün irden Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» halkara sergisinde 30 ýurtdan 50 töweregi kompaniýa öz hyzmatlary we harytlary bilen tanyşdyrýar. Bu barada «Nebit-gaz» elektron gazeti habar berýär.

Sergi Türkmenistandaky we dünýädäki nebit-gaz pudagynyň gazananlaryny görkezýär. Şeýle-de forumda pudagyň ösüşiniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze pikirler öňe sürülýär.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň üstünlikleri bilen «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň stendleri arkaly giňden tanyşmak bolýar.

Serginiň maksady sebitde energetika pudagynyň durnukly ösüşiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan, global energetika pudagynyň soňky gazananlary bilen tanyşmakdan hem-de Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin platforma döretmekden ybaratdyr.

Halkara sergi üç gün dowam edip, oňa 10 müňden gowrak adamyň baryp görmegine garaşylýar.

25-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat öz işine başlar. Oňa Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we nebit-gaz kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle-de ABŞ, Russiýa Federasiýasy, Hytaý, BAE, Beýik Britaniýa, Italiýa, Germaniýa, Şweýsariýa, Singapur, Türkiýe, Azerbaýjan ýaly ýurtlarda bilermenler gatnaşarlar.

Forumyň çäginde Türkmenistanyň we sebitiň energetika pudagynyň ösüşiniň şu aşakdaky meselelerine serediler:

  • Tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak;
  • Bazarlary we maýa goýum işini ösdürmek;
  • Uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek;
  • Nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa we elektrik energetikasy;
  • Önümçiligi «ýaşyllaşdyrmak»;
  • Innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak.

Ýeri gelende bellesek, bu halkara maslahat we sergi tejribe hem-de bilim alyşmak, şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmekde täze mümkinçilikleri tapmak üçin amatly platforma bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň