Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Gazagystan Respublikasy häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda öňegidişlik we gülläp ösüş ýoly bilen ynamly barýar. Ýurduňyz bu şanly güni durmuş-ykdysady ösüşde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikdäki abraýyny berkitmekde uly üstünlikler bilen garşy alýar - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti gutlag hatynda nygtaýar.
Türkmen döwletiniň Baştutany hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklara ýokary baha bermek bilen, onuň iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbidine hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.
Her ýylyň 25-nji oktýabrynda Gazagystanda Respublika güni bellenilýär. Milli baýram ýurduň özygtyýarlylygy hakyndaky jarnamanyň kabul edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu sene ýurtda dynç alyş güni diýlip yglan edilýär.

