Turkmenportal logo
24.10.23
5435954359
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuş tertibini üýtgetdi
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä uçuş tertibini üýtgetdi

Aşgabat (Türkmenistan) — Deli (Hindistan) ugry boýunça gatnawlar 2023-nji ýylyň 30-njy oktýabryndan 2024-nji ýylyň 27-nji martyna çenli täze meýilnama laýyklykda amala aşyrylar. Bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.


Häzirki wagtda «Türkmenistan » awiakompaniýasy çarşenbe we penşenbe günleri Aşgabatdan Delä hepdelik uçuşlary amala aşyrýar.


Täze meýilnama laýyklykda, Aşgabat — Deli — Aşgabat ugry boýunça uçuşlar şenbe we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylar.


Şenbe güni «T5535» uçary Aşgabatdan 01:35-de uçup, Delide 05:35-de gonar (ýerli wagt). Deliden uçar 06:55-de ugrap, Aşgabatda 10:05-de gonar (Aşgabat wagty).


Ýekşenbe güni «T5537» uçary Aşgabatdan sagat 09:30-da uçup, Delide 13:30-da (ýerli wagt) gonýar. Deliden uçar sagat 15:00-da uçup, Aşgabatda 18:10-da (Aşgabat wagty) gonar.


«Türkmenistan » awiakompaniýasynyň uçuşlary üçin petekleri turkmenistanairlines.tm internet sahypasyndan satyn alyp bilersiňiz.


Goşmaça maglumat almak üçin ýolagçylar şu telefon belgilerine jaň edip bilerler: (+993 12) 39 17 17, 085.