Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-eýran syýahatçylyk festiwalynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär

16:0422.10.2023
0
34044

31-nji oktýabr 2-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde syýahatçylyk festiwalynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň guramaçylary bolup Yslam Medeniýeti we gatnaşyklary guramasy (ICRO), Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de Eýranyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministrligi çykyş ederler.

Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeni attaşesi Nawid Rasuliniň sözlerine salgylanyp, «Orient» habar berdi. Festiwalyň çäginde Eýranyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, lukmançylyk hyzmatlary we medeni önümlerini tanyşdyrylar.

«Bu çäre Eýranyň we Türkmenistanyň bar bolan syýahatçylyk kompaniýalaryny bir ýere jemlär we umumy aýratynlyklara esaslanyp, iki ýurduň gözel ýerlerini görkezer. Iki ýurduň syýahatçylyk kompaniýalary bu medeni çäräniň dowamynda ikiçäk duşuşyklary geçirerler we gol çekişmäge taýýarlyk görülýän we garaşylýan şertnamalar barada pikir alşarlar» diýlip, habar bellenilýär.

Nawid Rasuliniň aýtmagyna görä, eýýäm festiwala gatnaşmak üçin isleg bildirýän eýran kompaniýalarynyň 11 sanysy hasaba alyndy.

Fetiwalyň dowamynda saglyk ulgamyna we eýran halkynyň milli senetçiligine bagyşlanan medeni çäreler guralar. Şeýle-de Eýranyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylara ýetiriler.

«Bu festiwalyň geçirilmegi babatda da Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň 2022-nji ýyl bolan duşuşygynda ylalaşylypdy» diýip, Nawid Rasuli belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň