Turkmenportal logo
21.10.23
4285842858
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Näzli» tans topary Nýu-Delide geçirilen 9-njy Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşdy
«Näzli» tans topary Nýu-Delide geçirilen 9-njy Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşdy

«Näzli» tans topary 18 — 20-nji oktýabrda Nýu-Delide geçirilen 9-njy Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşdy.


Festiwal maksatnamasyna görä, «Näzli» tans toparynyň çykyşy 20-nji oktýabrda Yrak, Taýwan we Russiýanyň sungat işgärleri bilen bir sahnada geçirildi.



Festiwal Hindi medeni gatnaşyklar geňeşi tarapyndan guraldy we 12-den gowrak ýurtdan döredijilik toparlary çykyş etdi.



Türkmen tans toparynyň festiwala gatnaşmagy Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäginde geçirildi.


Mundan ozal «Näzli» tans toparynyň Nýu-Delidäki Halkara tans we aýdym-saz festiwalyna gatnaşjakdygyny habar beripdik.