Turkmenportal logo
20.10.23
2913429134
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýalylaryň haçan özüni garry duýup başlaýandyklary belli boldy

M.W.Lomonosow adyndaky Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Federal sosial ylmy-barlag merkeziniň alymlarynyň geçiren barlaglarynyň esasynda russsiýalylaryň haýsy ýaşdan özlerini garry duýup başlaýandyklary belli boldy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.


Alymlaryň 1,2 müň adamyň arasynda geçiren pikirsoraşmasynyň netijesi boýunça russiýalylar adatça garrylygyň 70,7 ýaşdan başlanýandygyny aýtdylar.


Şunda aýallar garrylygyň erkeklere garanda, has giç gelýändigini bellediler. Ýaşlar bolsa, nämüçindir garrylyga ir garaşýan ekenler. Saglyk ýagdaýy oňat bolan uly ýaşlylar garrylyk salynyň gijräk başlanýandygyny nygtadylar diýlip, habarda bellenýär.