Turkmenportal logo
19.10.23
5836858368
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň Baş konsuly Nižniý Nowgorod uniwersitetiniň türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi
Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň Baş konsuly Nižniý Nowgorod uniwersitetiniň türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi

Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Türkmenistanyň Baş konsuly Güýç Garaýew N.I.Loboçewskiý adyndaky Nižniý Nowgorod döwlet uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň Baş konsullygynyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, Güýç Garaýew Türkmenistanyň ýaşlar meselesine aýratyn üns berýändigini aýdyp, watandaşlaryny öz ugurlarynda ýokary hünärli hünärmenler bolmak üçin gowy okamaga çagyrdy.


Duşuşyga gatnaşan talyplar Baş konsula özlerini gyzyklandyrýan soraglary bermäge mümkinçilik aldylar.


Ozal Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň Baş konsuly Nižniý Nowgoroda baryp, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy.