Türkmenistanda 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT-2023) atly XXVIII Halkara maslahatyna we sergisine jemleýji taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Forumda türkmen hünärmenleri ýurduň ýangyç-energetika toplumynda geljegi uly maýa goýum taslamalaryny hödürlärler. Bu barada «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýewiň akalasyna salgylanyp, CentralAsia.news habar berýär.
Ussa Ussaýewiň ýazmagyna görä, şeýle taslamalar «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamagyň, TOPH gazgeçirijisini gurmagyň, gury ýerde nebiti we gazy çykarmagy amatlaşdyrmagyň, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary, gaýtadan dikeldilýän energetikany özleşdirmegiň geljekki tapgyrlaryny öz içine alýar.
Mundan başga-da, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory forumyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň uglewodorod serişdeleri gazylyp alnanda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boljakdygyny aýtdy. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz, bank, himiýa we energetika ulgamlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär. Şeýle duşuşyklar geljekki hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we täze maýagoýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.
Mundan ozal, «Turkmenportal» Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT 2023) atly XXVIII Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin häzire çenli 35 ýurtdan 400-den gowrak wekiliýetiň hasaba alnandygyny habar beripdi. Şol sanda 70-den gowrak halkara energetika kompaniýalary sergide öz stendleri bilen tanyşdyrarlar.
Sergide Türkmenistanyň we dünýäniň nebitgaz pudaklarynyň ösüşiniň häzirki meýillerine laýyklykda olaryň iň gowy gazananlary görkeziler. Ol milli we halkara nebit kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.