2023-nji ýylda Russiýadan Täjigistana barýan jahankeşdeleriň sany geçen ýyldakydan 30 göterim artdy. Bu barada ýurduň «Artuç» şypahanasynyň direktory Eraj Muhammadjonzade gürrüň berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
«Bu ýyl Täjigistana gelýän russiýaly jahankeşdeleriň sany 30 göterim köpeldi» diýen Muhammadjonzade Respublika şu ýylyň başyndan bäri 1 million daşary ýurtly myhmanyň gelendigini gürrüň berdi.
Jahankeşdelik şypahanasynyň ýolbaşçysy soňky döwürde russiýaly jahankeşdeleriň Täjigistana syýahat üçin «örän owadan ýurt» hökmünde baha berýändiklerini sözüniň üstüne goşdy.