Turkmenportal logo
17.10.23
1864818648
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionaty - 2026-daky üçünji garşydaşyny bildi
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionaty - 2026-daky üçünji garşydaşyny bildi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tagyryndaky ahyrky garşydaşyny bildi.


13 — 17-nji oktýabrda Dünýä çempionaty – 2026-nyň «Aziýa» zonasyndaky saýlama böleginiň birinji tapgyry geçirildi. Şol oýunda iki gol aratapawudy bilen Butany ýeňen Gonkong ikinji tapgyra geçdi. Oýun 4:2 hasabynda tamamlandy.


16-njy noýabrda başlanjak saýlama bölegiň ikinji tapgyrynda «E» toparçasynda çykyş etjek Gonkong Türkmenistanyň, Eýranyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylary bilen duşuşar.


Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň Özbegistanyň garşysyna geçirjek birinji duşuşygynyň Watanymyzda guraljakdygyny ýatladýarys. Oýun 16-njy noýabrda geçer.


Toparçada birinji we ikinji orunlary eýelän ýygyndy toparlar nobatdaky saýlama raundda çykyş etmäge hukuk gazanar. 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyny ABŞ, Meksika hem-de Kanada kabul eder.