Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek duşuşyk bilen Dewisiň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berler. Türkmen ýygyndysy ýaryşyň Aziýa we Okeaniýa sebitiniň dördünji toparçasynda ýaryşýar. Bu toparçanyň duşuşyklary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýär.
Bu toparçada sekiz ýygyndy geljek ýyl üçünji toparçanyň wekili bolmak üçin göreşer. Ýygyndylar öz arasynda ikä bölündiler. «A» toparçany Siriýanyň, Yragyň, BAE-niň we Singapuryň, «B» toparçany bolsa Türkmenistanyň, Kuweýtiň, Gyrgyzystanyň we Guamyň ýygyndylary emele getirýär.
Toparçalarda ýeňiji bolan ýygyndylar geljek ýyl üçünji toparça wekilçilik etmäge mümkinçilik berýän aýgytlaýjy duşuşyga çykarlar.
Dewisiň kubogynda türkmen ýygyndysyna Meýlis Orazmuhammedow, Ýuriý Rogusskiý, Atlymyrat Gurbanow, Hajy Çaryýew, Gurbanberdi Gurbanberdiýew dagylar wekilçilik edýär. Milli ýygyndynyň kapitany we baş tälimçisi Miraly Gasanowdyr.
Dewisiň kubogynyň sebitleýin bölegine taýýarlygyň çäklerinde türkmen ýygyndysy Özbegistanda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi.