Turkmenportal logo
16.10.23
3669036690
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pekinde Türkmenistanyň we Hytaýyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Pekinde Türkmenistanyň we Hytaýyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pekin şäherinde Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçysy Wan I bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada «Sinhua» habarlar agentligi habar berdi.


Taraplar ýurtlaryň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem Hytaýyň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjyny Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy bilen birleşdirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


Raşid Meredow türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň bar bolan uly mümkinçilikler goruny ozal baglaşylan şertnamalaryň çäginde mundan beýläk hem netijeli ulanmaga umyt bildirdi.